Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Ylýas Gaýypow 2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy habar berýär.
Taraplar atçylyk sporty boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçirilýän çäreler boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmak üçin Mahmud Heýdarä çakylyk haty gowşuryldy.
Mahmud Heýdari türkmen tarapynyň çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň baştutanlygynda türkmen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzünde tanadylmagyna hem-de atçylyk sportunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Mundan başga-da, eýran tarapy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de bilelikdäki atçylyk ýaryşlarynyň Türkmenistanda we Eýranda guramak baradaky mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi.

















