“Gözel Print” hususy kärhanasy çagalar we okuwçylara niýetlenen okuw we döredijilik maksatly önümleriň giň görnüşini hödürleýär. Kärhanada çagalar üçin okuw we kanselýariýa önümleri bilen birlikde ofislerde ulanylýan dürli kagyz önümleri hem çap edilýär. Kärhana öz önümlerini “KIDS EXPO 2026” sergi-ýarmarkasynyň çäginde geçirilen mekdep ýarmarkasynda hem hödürledi.
Bu ugurda 35 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan “Gözel Print” hususy kärhanasynyň Aşgabatda ýerleşýän çaphanasy bilen birlikde ýörite dükany hem hereket edýär. Kärhananyň öndürýän önümleri Aşgabatdaky dükanyndan başga-da, ýurduň ähli welaýatlaryna iberilýär. Bu barada kärhananyň menejeri Gülbahar Abdyljepbarowa Aşgabatda geçirilýän “KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynda “Biznes Türkmenistan” neşirine beren interwýusynda habar berdi.
Kärhananyň önümçiliginde ýapon enjamlary we tehnikalary ulanylyp, dürli önümler ofset usulynda çap edilýär. “Gözel Print” çagalar üçin reňklenýän kagyzlary, ýazuw depderlerini, öwrediji oýun depderlerini, surat albomlaryny we 12 sahypalyk okuw depderlerini öndürýär. Şeýle hem okuwçylaryň gündelik sapaklarynda peýdalanyp biljek dürli kagyz we depder önümleri kärhananyň täze önümleriniň hataryna girýär.
“KIDS EXPO 2026” halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde geçirilen mekdep ýarmarkasynda täze okuw ýyly üçin zerur harytlar bir ýerde jemlendi. Onda mekdep eşikleri, sumkalar, aýakgaplar, kanselýariýa we okuw serişdeleri, şeýle hem döredijilik üçin dürli önümler hödürlendi. Ýarmarka çagalaryň we ene-atalaryň täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekleri üçin amatly mümkinçilik döretdi.

















