Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew 19-njy awgustda Nýu-Ýork şäherinde Halkara Migrasiýa Guramasynyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynyň direktory Per Lillýert bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Migrasiýa Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Taraplar sebitde bolup geçen soňky wakalara, şeýle hem ynsanperwer ýagdaý we migrasiýa bilen baglanyşykly meselelere hem garadylar.
Mundan ozal, 12-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Gazagystandaky Missiýasynyň ýolbaşçysy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşdy. Taraplar migrasiýa hereketlerini dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlary ileri tutulýan hyzmatdaşlyk ugurlary hökmünde kesgitlediler.

















