TOBB-nyň prezidenti Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

BT
TOBB-nyň prezidenti Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Türkiýäniň Söwda edaralary we haryt biržalary birleşmesiniň (TOBB) prezidenti Rifat Hisarjyklyoglu (çepde) bilen Türkiýäniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Şener Jebejiniň (sagda) duşuşygy, 2026-njy ýylyň 17-nji awgusty. (Surat: TOBB)

Türkiýäniň Söwda edaralary we haryt biržalary birleşmesiniň (TOBB) prezidenti Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu duşenbe güni Türkiýäniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Bu barada TOBB habar berdi.

Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu Şener Jebejä täze wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, sapary üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Şener Jebeji Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň karary bilen Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellendi. Ony wezipä bellemek baradaky resminama 18-nji iýulda Türkiýäniň "Resmi Gazete" neşirinde çap edildi.

Mundan ozal, Şener Jebeji Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş müdüriniň orunbasary wezipesinde işledi.

2022