TDHÇMB-da penşenbe güni 65,7 million manatlyk geleşik baglaşyldy

BT
TDHÇMB-da penşenbe güni 65,7 million manatlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky söwdalaşyklardan pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 65 million 715 müň manada we 81 müň 567 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda Azerbeýjan döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn almak boýunça şertnama baglaşdylar. Şeýle hem Türkiýäniň işewürleri türkmen öndürijilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň öndürýän “TPP D 30 S” kysymly polipropilenini hem-de “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

TDHÇMB-nyň penşenbe güni geçirilen söwdalarynda jemi 4 geleşik hasaba alyndy.

2022