Türkmenistanda metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrmak boýunça bioserişde işlenip düzüldi

BT
Türkmenistanda metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrmak boýunça bioserişde işlenip düzüldi
Laboratoriýanyň işgäri barlag geçirýän wagtynda (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri metan zyňyndylaryny gönüden-göni toprak örtüginde netijeli zyýansyzlandyrmaga ukyply täze nesil bioserişdesini işläp düzdiler. Bu işe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow we biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berdi.

Bioserişdäni işläp düzmekde alymlar sebitiň howa şertlerine uýgunlaşan, metany okisleýän bakterýalaryň ýerli ştammlaryny ulandylar. Bu bakteriýalaryň düzümindäki metanmonooksigenaza fermenti metany kömürturşy gazyna we suwa öwürýär. Janly mikroorganizmleri ulanmagy ýeňilleşdirmek üçin bakterýalar ýerli materiallar bilen birleşdirilip, olaryň goralmagy üçin amatly mikrogurşaw döredildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze bioserişdäniň birnäçe möhüm artykmaçlygy bar. Ol senagat ýüküniň ýokary bolan ýerlerinde metany netijeli zyýansyzlandyrýar. Şeýle hem ýerli çig malyň ulanylmagy daşary ýurtlardan getirilýän meňzeş önümler bilen deňeşdirilende taýýarlygyň bahasyny arzanlatmaga giň mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu işlenip düzülen serişde adamlar, haýwanlar we daşky gurşaw üçin howpsuzdyr.

Habarda bellenmegine görä, türkmen alymlarynyň bu işi ýurduň ekologik strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky amaly ädim boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarly bolup, Ählumumy metan borçnamasyna resmi taýdan goşuldy hem-de energetika pudagynda ekologik gözegçiligiň öňdebaryjy standartlaryny işjeň ornaşdyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022