Türkmen dizaýnerleri Pariždäki “Who’s Next” moda sergisine gatnaşarlar

BT
Türkmen dizaýnerleri Pariždäki “Who’s Next” moda sergisine gatnaşarlar
Pariž şäherindäki “Who’s Next” moda sergisiniň meýdançasy. (Surat: nstands.com)

Pariž şäherinde 5–7-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Who’s Next” halkara hünär moda sergisine türkmen dizaýnerleriniň we brendleriniň dördüsi gatnaşar. Olaryň “Ready-to-Wear” bölümindäki “W10” diwarlygynda görkezjek işleri moda pudagynyň wekillerine öz täze kolleksiýalary bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik berer. Bu barada Halkara söwda merkezi (ITC) özüniň resmi “Instagram” sahypasynda habar berdi.

Sergä Mukaddes Ibragimowa, şeýle hem “Binaym”, “Desert Heritage” we “AYM” brendleriniň wekilleri gatnaşarlar. Mukaddes Ibragimowa sergide ikat we jins matalaryndan, nagyşly ýüpekden taýýarlanan korsetleri, penjekleri hem-de balaklary hödürlär. “Desert Heritage” bolsa tebigy boýaglar bilen reňklenen, elde taýýarlanan ýüpek, pagta, zygyr we düýe ýüňünden taýýarlanan önümlerini görkezer.

Şeýle hem “AYM” gadymy Nusaýdan nusga alnyp, elde nagyşlanan zygyr önümlerini sergä çykarar. “Binaym” brendi bolsa türkmen el işlerini häzirki zaman dizaýny bilen utgaşdyrlan peçwork usulynda taýýarlanan jins önümlerini hödürlär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen dizaýnerleriniň we brendleriniň sergä gatnaşmagy Halkara Söwda Merkeziniň goldawy bilen guralyp, bu başlangyç Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär. Pariždäki "Who’s Next" sergisinde täze kolleksiýalaryň görkezilmegi türkmen dokmaçylyk däplerini we häzirki zaman dizaýn çözgütlerini halkara tomaşaçylara tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022