Türkmenistanda täze bilim edaralary we çagalar baglary açylar

BT
Türkmenistanda täze bilim edaralary we çagalar baglary açylar
Türkmenistanda ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy (Surat: Türkmenmetbugat)

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary we çagalar baglary açylyp ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2026-2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde dürli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň hem-de Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýär.

Mundan başga-da Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagynyň hem-de Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk iki sany orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022