Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

BT
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34-nji ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň sergisi, 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, şeýle hem Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrmakda we halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler görkeziler.

Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergide ýurtda alnyp barylýan işleri we gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Wise-premýere ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergini guramaga gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022