Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Özbegistan Respublikasynyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäre (Surat: president.uz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Özbegistanyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda hem-de ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has hem depginli we yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany bu gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, deňhukuklylyk we açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti strategik häsiýete eýe bolan doganlyk gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022