Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdebiniň şahamçasyny açmak teklip edildi

BT
Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdebiniň şahamçasyny açmak teklip edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzeniň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry (Surat: Türkmenistanyň Gruzibadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzeniň arasynda 1-nji sentýabrda geçirilen duşuşykda gruzin tarapy Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmekligi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda gruzin tarapy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenme bilen birlikde türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmek, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmek, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamak we maliýeleşdirmek hem teklip edildi.

Taraplar bilim we ylym edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki bilim we ylmy maksatnamalary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, talyp alyş-çalyşlaryny we ýaş alymlaryň duşuşyklaryny geçirmek, şeýle hem bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meselelerine hem garaldy.

Mundan başga-da, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenilip, onuň iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket etmegi, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmagy göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, göni gatnaşyklary giňeltmäge we anyk bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

2022