Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmeniň milli buýsanjy bolan bedew atlaryny wasp edýän “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgusy Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.
Goşguda bedew türkmen halkynyň taryhy, ruhy we milli buýsanjy bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatlyk hökmünde beýan edilýär. Serdar Berdimuhamedow bedewi “myrat” we “ganat” hökmünde häsiýetlendirip, onuň türkmeniň kämilliginiň hem-de kemalynyň nyşanydygyny belleýär.
Eserde türkmeniň taryhy we medeni mirasy hem giňden wasp edilýär. Şeýle hem goşguda türkmeniň nepis halylaryny eýýamlardan gelýän miras hökmünde görkezilýär, alabaý bolsa wepalylygyň we dostlugyň keşbi hökmünde suratlandyrylýar.
Goşgynyň ahyrynda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we milli gymmatlyklarynyň şöhratynyň dünýä ýaýraýandygy nygtalýar. Eserde bu gymmatlyklar türkmen halkynyň durmuşynyň dowamat-dowamy hökmünde beýan edilýär.










