Ahalteke bedewleriniň gözelligi halkara bäsleşikde görkezilýär

Ahalteke bedewleriniň gözelligi halkara bäsleşikde görkezilýär
Niderlandlar Patyşalygynda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça halkara çäreleriň geçirilýän “Pilbergen” atçylyk-sport toplumy, 2026-njy ýylyň 4-nji sentýabry (Surat: BT)

Niderlandlar Patyşalygynda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça geçirilýän halkara çäreleriň çäklerinde ahal-teke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçirilip, türkmen bedewleriniň tebigy gözelligi, tohum aýratynlyklary we milli atçylyk däpleri giňden görkezilýär diýip, çärä gatnaşýan “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň wekili habar berýär.

Niderlandlaryň “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynyň “Maya Delorez” meýdançasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde eminler bedewleriň tebigy owadanlygyna, tohum arassalygyna, beden gurluşynyň sazlaşygyna, dik durşuna hem-de altynsow öwüşginli ýüňüne baha berdiler. Bäsleşige 25-e golaý ýurtdan 100-den gowrak bedew gatnaşdy. Bedewleriň bir bölegi öz tebigy görnüşinde görkezilen bolsa, beýlekileri türkmen ussalary tarapyndan elde taýýarlanan kümüş bezegler we alaja tumarlary bilen baýlaşdyrylan milli bezegde meýdança çykaryldy.

Bäsleşigiň ilkinji tapgyrlarynda iki ýaşly baýtallaryň arasynda Jeren Gözli birinji, Ak monjuk bolsa ikinji ýeri eýeledi. Iki ýaşly aýgyrlar boýunça geçirilen bäsleşikde bolsa Meledag çempion diýlip yglan edildi. Ol öz tohum aýratynlyklary, sazlaşykly beden gurluşy we ýokary fiziki taýýarlygy bilen eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Kronenbergde geçirilýän çäreleriň meýilnamasy giň gerimi we baý mazmuny bilen tapawutlanýar. Maksatnamanyň dowamynda dürli ýaşdaky ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we dressaž boýunça bäsleşikler, “Ahalteke bedewi: Türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy-amaly maslahat, atlaryň konkur boýunça bäsleşigi, şeýle-de Ýewropanyň iň gowy bedewini saýlamak boýunça çäreler geçiriler.

Maksatnamanyň çäklerinde Halkara Ahalteke Atçylyk Assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Şeýle hem türkmen atçylyk sungatyna, milli medeniýete we çeper döredijilige, şeýle-de Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan sergi-ýarmarka guralar.

Çäreleriň arasynda “Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy” atly ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän halkara bäsleşik hem aýratyn orun eýeleýär. Bäsleşik heýkeltaraşçylyk, nakgaşçylyk, halyçylyk, fotosurat we zergärçilik eserleri ýaly ugurlar boýunça geçiriler.

Şeýle hem maksatnamanyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlarynyň geçirilmegine garaşylýar. Bu çäreler ahalteke bedewleriniň gözelligini we türkmeniň gadymy seýisçilik däplerini dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň atçylyk medeniýetiniň halkara derejesindäki ornuny giňden görkezmäge mümkinçilik berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022