Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilýän Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde çykyş edip, ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň buýsanjy bolan alabaý itlerini hem dünýä derejesinde giňden tanatmak maksady bilen, bu ugurda halkara çäreleri we çempionatlary geçirmegi teklip etdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşan wekili habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle iri halkara çäreleriň köp ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemleýändigini belläp, şu görnüşli iri halkara atçylyk çempionatlaryny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek teklibini hem mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna hödürledi.
Maslahatyň dowamynda Ýewropa Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewreden, Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemer, Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri Ýan Peter Balkenende, Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň federasiýasynyň prezidenti hem-de “International Action Art” guramasynyň prezidenti Ioannis Maronitis, şeýle-de Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo çykyş etdiler.
Niderlandlaryň we beýleki ýurtlaryň atçylyk ulgamynyň wekillerini bir ýere jemlän iri halkara mejlisde bu ugurdaky hünärmenleriň, ahalteke atlaryny söýüjileriň we pikirdeşleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik döredýändigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Liderine “Peelbergen” atçylyk sport toplumynyň esaslandyryjysy we Direktorlar geňeşiniň başlygy Marko Zeekafyň adyndan dostlugyň we hoşallygyň nyşany hökmünde friz tohumyndan bolan bäş aýlyk taýçanak sowgat berildi. Friz aty Niderlandlaryň gadymy we giňden tanalýan at tohumlarynyň biri bolup, özüniň kuwwaty, asyllylygy we gözelligi bilen tapawutlanýar.









