Hytaý we Merkezi Aziýa hukuk we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy

BT
Hytaý we Merkezi Aziýa hukuk we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemgyýetçilik howpsuzlygy we içeri işler boýunça ministrleriniň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 7-nji sentýabry (Surat: “Sinhua” habarlar agentligi)

Pekinde 7-nji sentýabrda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemgyýetçilik howpsuzlygy we içeri işler boýunça ministrleriniň derejesinde duşuşygy geçirilip, hukuk goraýjy we howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy. Bu barada “Sinhua” agentligi habar berýär.

Duşuşyga Hytaýyň Döwlet geňeşçisi we Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemgyýetçilik howpsuzlygy we içeri işler boýunça wekiliýetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Duşuşykda serhetara jenaýatçylyga garşy göreşmek, migrasiýa dolandyrylyşy, daşary ýurtlarda bähbitleri goramak we hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem “Bir guşak, bir ýol” hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki iri taslamalaryň howpsuzlygyny güýçlendirmek meseleleri barada hem pikir alşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Wan Sýaohun Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen jemgyýetçilik howpsuzlygy we içeri işler boýunça ministrler konferensiýasynyň mehanizmini ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwürmek üçin bilelikde işlemäge taýýardygyny aýtdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bolsa duşuşygyň netijelerini durmuşa geçirmäge, hukuk goraýjy we howpsuzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de sebitde uzak möhletleýin howpsuzlygy we gülläp ösüşi üpjün etmäge goşant goşmaga taýýardyklaryny bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС