Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Ahmet Çalyk duşuşmaga wagt tapandygy we ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanda dünýä mirasyna peşgeş berlen ahalteke atlaryna bagyşlanan dabaralaryň hem-de Ýewropada geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ahalteke atlarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen dünýä çempionatynyň ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda ygtybarly köpri bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlar we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitlilik hem-de özara düşünişmek ýörelgelerinden ugur alýandygyny belledi. Şeýle-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli we taryhy gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.
Ahmet Çalyk Türkmenistanda iş alyp barmak üçin döredilýän mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.










