Aşgabatda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

BT
Aşgabatda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Aşgabatda geçirilen “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň mejlisine gatnaşyjylar (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Merkezi Aziýa döwletlerini we ABŞ-ny birleşdirýän “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda «C5+1» formatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň amaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we bilelikdäki başlangyçlary ilerletmekde “C5+1” formatynyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip, öňde boljak duşuşyklara we çärelere taýýarlyk görmek, degişli guramaçylyk meselelerini ylalaşmak boýunça aýratyn pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, möhüm minerallar, söwda we ulag pudaklarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň aýratyn bölümi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda degişli döwlet edaralarynyň we bilermenler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy.

Mejlisiň jemleri boýunça Sekretariatyň işini mundan beýläk-de dowam etdirmek we “C5+1” formatynyň çäklerinde göz öňünde tutulan çärelere taýýarlyk görmek boýunça geljekki ädimler kesgitlenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022