TDHÇMB-da çarşenbe güni 97,2 million manatlyk geleşik baglaşyldy

BT
TDHÇMB-da çarşenbe güni 97,2 million manatlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda umumy bahasy 97 million 272 müň manada deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Ýerli telekeçiler eksport etmek şerti bilen pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny, buýan köküniň goýy ekstraktyny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa 141 müň 750 ABŞ dollaryna deň bolan buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 7 geleşik hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022