“Ýokary hyzmat” kärhanasynda günde 4 müňden gowrak toý sowgatlary taýýarlanylýar

BT
“Ýokary hyzmat” kärhanasynda günde 4 müňden gowrak toý sowgatlary taýýarlanylýar
“Esli” hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Daşoguz şäherinde ýerleşýän “Ýokary hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň tikinçilik bölüminde her günde 4 müňden gowrak sowgatlyk ýaglyklar taýýarlanylýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berildi.

“Ýokary hyzmat” hojalyk jemgyýetinde ýaglyklar ýerli matadan taýýarlanyp, özboluşly görnüşi we owadan nagyşlary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem toýlarda paýlanylýan sowgatlyk ýaglyklar tutulýan toý-dabaralaryň bezegine öwrülýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda tikinçilik bölüminde 30-dan gowrak gelin-gyz zähmet çekýär. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberiniň artdyrylmagyna we bazarlaryň dürli önümler bilen üpjün edilmegine goşant goşýarlar.

Tikinçilik kärhanasy ýörite tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan giň önümçilik jaýynda ýerleşip, taýýar önümleri saklamak üçin ammar we kömekçi otaglar hem bar. Şeýle hem tikinçiler üçin döredilen oňaýly iş şertleri taýýarlanylýan sowgatlyk ýaglyklaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

2022