Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalykçy Iwan Kuzmini doglan güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalykçy Iwan Kuzmini doglan güni bilen gutlady
“Semena” assosiasiýasynyň başlygy Iwan Kuzmin, 2023-nji ýylyň 15-nji iýuny, (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, “Semena” assosiasiýasynyň başlygy Iwan Kuzmine doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Iwan Kuzmine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmin oba hojalyk pudagynda tohumçylyk we seçgiçilik işini ösdürmäge uly goşant goşan alymlaryň biridir.

Iwan Kuzmin 2024-nji ýylda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy wezipesine saýlandy.

2022