Polşadaky “FAST TEXTILE 2026” halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony gurnalar

BT
Polşadaky “FAST TEXTILE 2026” halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony gurnalar
"FAST TEXTILE 2025" sergisi, 2025-nji ýylyň18-20-nji noýabry (Surat: sourcingexpo.pl/)

Polşada geçiriljek “FAST TEXTILE 2026” halkara dokma sergisinde “Turkmen Expo”-nyň guramagynda Türkmenistanyň milli pawilýony gurnalar. Sergi türkmen öndürijileri üçin dokma senagatynyň dürli önümlerini hödürlemäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik berer. Bu barada “Turkmen Expo” habar berýär.

Polşanyň Žguw şäherindäki Ptak Expo Lodz sergi toplumynda 17–19-njy noýabrda geçiriljek “FAST TEXTILE 2026” sergisine dokma önümlerini öndürijiler we üpjün edijiler, tikinçilik kärhanalary, dizaýnerler, brendler, lomaý satyn alyjylar, sarp edijiler hem-de pudagyň beýleki hünärmenleri gatnaşar.

Serginiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylda sergä 27 ýurtdan 14,6 müňden gowrak adam gatnaşyp, 30-dan gowrak döwletden 450–600 töweregi kompaniýalar öz önümlerini hödürlediler.

Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurduň dokma kompaniýalary, döwlet kärhanalary, fabrikleri we önümçilik toplumlary bir ýere jemlener. Olar halkara hünärmenlere Türkmenistanyň dokma önümlerini, taýýar önümleri, trikotaž önümlerini, ýüplükleri, egin-eşikleri we beýleki harytlary hödürlärler.

“Turkmen Expo” Türkmenistanyň milli pawilýonyň işini guramak bilen bir hatarda, sergide Türkmenistanyň dokma pudagynyň esasy wekillerini bitewi ekspozisiýa arkaly birleşdirer. Çäräniň dowamynda türkmen kompaniýalaryna import edijiler, sarp edijiler, söwda kompaniýalary we halkara brendler bilen B2B duşuşyklary geçirmäge, önümlerini tanyşdyrmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik dörediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022