Türkmen telekeçisi “Medat” haryt nyşanly gury düýe süýdüni öndürýär

BT
Türkmen telekeçisi “Medat” haryt nyşanly gury düýe süýdüni öndürýär
Kärhananyň “Medat” haryt nyşanly gury düýe süýdüni gaplaýan zenan işgärleri (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmen telekeçisi Polat Kanaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Medat” haryt nyşanly gury düýe süýdüniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada şenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berdi.

“Ahal” daýhan birleşiginiň çäginde döredilen hojalykda gury düýe süýdüni öndürmek üçin doňdurmak arkaly guratmak (sublimasiýa) tehnologiýasy ulanylýar. Bu usulda süýt ilki -40-dan -80 gradusa çenli temperaturada doňdurylyp, güýçli wakuum şertlerinde buz önümden göni bug görnüşinde aýrylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu usul süýdüň tagamynyň we himiki düzüminiň saklanmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle hem onuň düzümindäki gymmatly beloklaryň, süýt ýagynyň, witaminleriň we mineral maddalaryň 90 — 95 göterimi saklanyp galýar.

Hojalykda düýe süýdünden taýýarlanylýan “Çöl gämisi” haryt nyşanly çal we agaran hem öndürilýär. Düýeler ýylyň dowamynda öri meýdanlarda bakylýar we şol ýerde ösýän ösümlikler bilen iýmitlenýär. Şeýle hem hojalykda süýdi gaýtadan işlemek, çal we agaran öndürmek işlerinde azyk howpsuzlygynyň hem-de sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň talaplary hem berjaý edilýär.

Türkmenistanda düýe süýdüni we ondan alynýan önümleri öndürmek däbi uzak taryhyň dowamynda kemala gelipdir. Bir örküçli arwana düýeleri çölleriň we ýarym çölleriň yssy hem gurak howa şertlerine gowy uýgunlaşandyr.

Habarda bellenilişi ýaly, arwana düýeleri uzak wagtlap suwsuz oňup bilýär we sazak, gandym, ýandak we çomuç ýaly çöl öri meýdanlarynda ösýän ösümlikler bilen iýmitlenýär. Şeýle hem bir inen arwana düýesi 18 aý dowam edýän sagym döwründe ýaglylygy 3,5 — 3,8 göterim bolan 2,5 müň litre golaý süýt berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022