Aşgabatda geçiriljek “OGT 2026” forumyna 400-den gowrak arza berildi

BT
Aşgabatda geçiriljek “OGT 2026” forumyna 400-den gowrak arza berildi
“OGT 2025” halkara sergisinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň diwarlygy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: ogt-turkmenistan.com)

Aşgabatda 21–23-nji oktýabr aralygynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly XXXI halkara maslahaty we sergisine gatnaşmak üçin 400-den gowrak gatnaşyjynyň arzasy gelip gowuşdy. Bu barada forumyň guramaçylary habar berdiler.

Hasaba alnan gatnaşyjylaryň 300-den gowragy 40-a golaý döwletden gelen daşary ýurt wekilleridir. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, şu ýyl hasaba alyş depgini geçen ýyllaryň degişli döwri bilen deňeşdirilende has hem ýokary boldy. “OGT 2026” forumyna şu ýyl ilkinji gezek 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu bolsa halkara işewür toparlarynyň Türkmenistanyň energetika bazaryna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.

Forumyň çäginde geçiriljek “OGT Expo 2026” sergisine bolan gyzyklanma hem ýokary bolup, sergi üçin niýetlenen ähli meýdançalar eýýäm doly paýlanyldy.

Malaýziýanyň milli pawilýonynda 20-den gowrak kompaniýa öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, olaryň köpüsi öz mümkinçiliklerini türkmen bazarynda ilkinji gezek tanyşdyrar. Şeýle hem türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň, şol sanda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň çäklerinde hytaý kompaniýalarynyň hem foruma giňden gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň esasy halkara hyzmatdaşlarynyň hatarynda sebit we dünýä derejesindäki iri energetika kompaniýalary hem çykyş eder.

“OGT 2026”-nyň işewürlik maksatnamasynda “Galkynyş” gaz känini ösdürmek, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki serişdeleri özleşdirmegiň geljegi, gazy gaýtadan işlemek we nebitgazhimiýa senagaty, maýa goýumlar, sanlaşdyrmak hem-de häzirki zaman ekologik tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň arasynda B2B hem-de B2G duşuşyklaryny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Maslahatyň täzelikleri “Euronews”, “Energy Intelligence” we “Petroleum Economist” ýaly öňdebaryjy halkara we pudaklaýyn habar beriş serişdelerinde beýan ediler. Häzirki wagtda foruma gatnaşyjylary hasaba almak dowam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022