Bangkokda 14–17-nji sentýabr aralygynda geçirilýän “Gastech 2026” halkara konferensiýasynda energetika howpsuzlygy, elektrik energiýasyna bolan islegiň artmagy we energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Çärä energetika pudagynyň 50 müňe golaý hünärmeni, 1000 sany kompaniýa we 150-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşýar. Şeýle hem konferensiýanyň dowamynda maýa goýum, infrastruktura, tebigy we suwuklandyrylan gaz (STG), emeli aň hem-de energetika tehnologiýalary boýunça hem pikir alşylýar diýip, forumyň guramaçysy "Turkmen Energy forum" habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, uly möçberdäki energetika serişdeleriniň bolmagy ykdysady peýdany gazanmak üçin ýeterlik däldir. Taslamalary durmuşa geçirmek üçin gaýtadan işleýän kuwwatlyklar, turbageçirijiler we beýleki infrastruktura, şeýle hem maliýeleşdiriş, tehnologiýalar, durnukly täjirçilik şertleri we uzak möhletli bazarlara çykmak mümkinçiliginiň bolmagy zerurdyr.
“Global Gas Centre”-niň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dükro energetika taslamalaryny maýadarlar bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýän durnukly şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Onuň sözlerine görä, şol bir wagtyň özünde energetika howpsuzlygynyň, energiýanyň elýeterliliginiň, ykdysady ösüşiň we ekologik maksatlaryň arasynda deňagramlylygy üpjün etmek möhüm bolup durýar.
“Petroleum Economist” neşiriniň wekili Jozef Mörfi öz seljermesinde bazardaky üýtgäp durýan şertleriň dowam eden döwürlerinden soň gazy uzak möhletleýin üpjün etmek boýunça ylalaşyklara bolan gyzyklanmanyň täzeden artýandygyny belleýär. Alyjylar fiziki üpjünçiligiň we bahalaryň has köp öňünden çaklanylmagyny isleýärler, öndürijilere bolsa köp maýa talap edýän taslamalary durmuşa geçirmek üçin täjirçilik taýdan durnukly şertler zerurdyr.

Bu ugurdaky halkara meýiller Türkmenistanyň maýa goýum gün tertibi bilen hem gönüden-göni baglanyşykly bolup, ýurtda durmuşa geçirilýän iri gaz taslamalary üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarýar. Şeýle taslamalaryň biri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrydyr. Habara görä, bu tapgyr önümçilik guýularyny burawlamagy we ýylda takmynan 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge niýetlenen täze gaz taýýarlama kuwwatlyklaryny döretmegi göz öňünde tutýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi inženerçilik hyzmatlaryna, enjamlaryň üpjünçiligine, nebitgaz hyzmatlaryna, gazy gaýtadan işlemäge, sanly tehnologiýalara we degişli infrastruktura zerurlygy döredýär.
Taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre barabar bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi hem türkmen gazyny Günorta Aziýanyň bazarlaryna ibermek bilen baglanyşykly iri infrastruktura taslamalarynyň biridir. Habarda bellenmegine görä, maýa goýum talap edýän beýleki ugurlaryň hatarynda gazy gaýtadan işlemek we nebitgazhimiýa pudagy hem bar. Pudakda ýataklary sanly usulda öwrenmek, önümçiligi öňünden çaklamak, sanly tehnologiýalary ulanmak we önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak ýaly çözgütler ulanylýar.
Bu ugurlar boýunça 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek 31-nji halkara “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” maslahatynda we sergisinde hem ara alnyp maslahatlaşylar. Çärä energetika kompaniýalarynyň, maýadarlaryň, maliýe edaralarynyň, tehnologiýa üpjün edijileriň we inženerçilik kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

















