Seulda 15-nji sentýabrda geçirilen türkmen-koreý işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň arasynda Garagum derýasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, Garagum derýasynyň 850–1100 km aralygyndaky suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem taraplar suw hojalygy we infrastruktura ugurlarynda bilelikdäki işleri ösdürmegi göz öňünde tutýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisindäki çykyşynda “Daewoo Engineering & Construction” bilen birlikde birnäçe koreý kompaniýasynyň Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýändigini aýtdy. Şeýle hem ol geljekki taslamalar boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny we olaryň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmegine badalga beriljekdigini belledi.
“Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasy 2023-nji ýylda açylyp, kompaniýa Türkmenistanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen hyzmatdaşlykda birnäçe taslamalara gatnaşýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýa dürli sebitlerde tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly ammiak, karbamid we fosfor dökünlerini öndürýän kärhanalary gurmak boýunça işleri alyp barýar.

















