TOSFED İstanbul Parkda 2027-2031-nji ýyllarda Formula 1-iň Türkiýe Gran-prisi geçiriler

BT
TOSFED İstanbul Parkda 2027-2031-nji ýyllarda Formula 1-iň Türkiýe Gran-prisi geçiriler
Formula 1 ýaryşynyň geçirilýän pursady (Surat: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

TOSFED İstanbul Parkda 2027–2031-nji ýyllarda Formula 1-iň Türkiýe Gran-prisi geçiriler. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

2027-nji ýylda Türkiýe Gran-prisini 1–3-nji oktýabr aralygynda geçirmek meýilleşdirilip, 1-nji oktýabrda türgenleşikler, 2-nji oktýabrda saýlama ýaryşy, 3-nji oktýabrda bolsa esasy ýaryşy geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, Formula 1 alty ýyllyk arakesmeden soň Türkiýä gaýdyp geler.

TOSFED İstanbul Park Formula 1-iň tehniki taýdan çylşyrymly trassalarynyň biri hasaplanýar. Uzynlygy 5,3 kilometre golaý bolan trassa beýiklikleriň üýtgemegi we öňe geçmek üçin mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ýokary tizlikde geçilýän, birnäçe bölekden ybarat sekizinji öwrüm bolsa trassanyň esasy aýratynlygydyr. Şeýle hem 2027-nji ýylda geçiriljek ýaryş Türkiýede Formula 1-iň 10-njy Gran-prisi bolar.

Formula 1-iň Türkiýä gaýdyp gelmegi ýurduň halkara sport abraýyny we sport syýahatçylygyny has-da ösdürmek üçin mümkinçilik döreder. Formula 1-iň maglumatlaryna görä, Türkiýede ýaryşlara tomaşa edýänleriň sany 19 milliona golaý bolup, sosial ulgamlarda bolsa olary 7,5 million töweregi adam yzarlaýar.

2027-nji ýylyň Formula 1 senenamasyna jemi 24 Gran-pri girizilip, Türkiýe Gran-prisi oktýabr aýynda, Azerbaýjan Gran-prisinden soň geçiriler.

2022
ENG TM РУС