Özbegistan Hazar deňzindäki Türkmenbaşy, Aktau we Baku, şeýle hem Gara deňizdäki Poti we Anakliýa portlarynda logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işlere gatnaşýar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Hususan-da, Poti portunda logistika merkezini döretmek boýunça ylalaşyga gol çekildi we taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem Anakliýa portuny ösdürmäge gatnaşmak mümkinçilikleri we Türkiýäniň Samsun hem-de Stambul portlaryna çykmagy üpjün etjek Nahçywan demir ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri öwrenilýär.
Bu taslamalar Özbegistanyň dokma, himiýa, oba hojalyk we dag-magdan-metallurgiýa önümlerini daşary bazarlara ibermek üçin ulag ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge giň mümkinçilik berer.
Özbegistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we deňiz portlarynyň üsti bilen dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, ýurduň özünde logistika merkezleriniň ulgamyny hem giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem Özbegistanda 2030-njy ýyla çenli ulag hyzmatlarynyň möçberini iki esse artdyrmak, pudaga 9,1 milliard dollar maýa goýum çekmek we hyzmatlaryň eksportyny 5,7 milliard dollara ýetirmek meýilleşdirilýär.

















