Türkmenistanda guşçulyk pudagynda 135 sany kärhana hasaba alyndy

BT
Türkmenistanda guşçulyk pudagynda 135 sany kärhana hasaba alyndy
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guşçulyk pudagynyň sergi diwarlygy, 2026-njy ýylyň 17–19-njy sentýabry (Surat: BT)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde ýumurtga öndürýän 59 sany we broýler towuk etini öndürýän 76 kärhana hasaba alyndy. Bu barada kompaniýanyň hünärmeni Aşgabatda 17-19-njy sentýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň dowamynda “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, ýumurtga önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň towuk ketekleriniň umumy sygymy 5,8 milliondan gowrak guşa niýetlenendir. Olar bir günde 3,49 million töweregi, ýylda bolsa 1,25 milliarddan gowrak ýumurtga öndürmäge ukyply bolup, onuň iň ýokary önümçilik kuwwaty Ahal welaýatyna düşýär. Bu ýerde 38 kärhananyň ýyllyk umumy kuwwaty 868 milliona golaý ýumurtga ýetýär. Şeýle hem Balkan welaýatynda 6 kärhana ýylda 227,4 million, Daşoguz welaýatynda 6 kärhana 82 million, Mary welaýatynda 3 kärhana 49,7 milliona golaý, Lebap welaýatynda bolsa 6 kärhana ýylda 30,5 million ýumurtga öndürmäge ukyplydyr.

Ýumurtga ugurly towuklaryň baş sanyny köpeltmek üçin “Hoş zaman” we “Nurly meýdan” atly iki inkubator hereket edýär. Olaryň ýyllyk umumy kuwwaty 4,7 million jüýjä barabardyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde et ugurly broýler towuk etini öndürýän 76 sany kärhana hasaba alyndy. Olaryň towuk ketekleriniň umumy sygymy 7,74 milliona golaý guşa niýetlenip, ýyllyk önümçilik kuwwaty 74 müň tonna golaý towuk etine ýetýär. Ahal welaýatynda bu ugur boýunça 59 sany kärhana hereket edýär we olaryň ýyllyk kuwwaty 57 138,5 tonna deňdir. Balkan welaýatynda 6 kärhana 7 280,1 tonna, Mary welaýatynda 4 kärhana 4 668 tonna, Lebap welaýatynda 4 kärhana 4 300,8 tonna, Daşoguz welaýatynda bolsa 3 kärhana ýylda 624 tonna towuk etini öndürmäge ukyply bolup durýar.

Et ugurly towuklaryň baş sanyny köpeltmek üçin ýurtda umumy ýyllyk kuwwaty 51,3 milliona golaý jüýje bolan ýedi inkubator hereket edýär. Olaryň hatarynda Gökdepe etrabyndaky “Altyn Jüýje”, Baherden etrabyndaky “Guş Toplumy”, Kaka etrabyndaky “Diýar guşy”, Bereket etrabyndaky “Nurly Meýdan”, Çärjew etrabyndaky “Atamyrat Aly” we Baýramaly etrabyndaky “Ýaşyl Ýaz” bar.

Guşçulyk pudagynda hindi towugy hem ösdürip ýetişdirilip, Gökdepe etrabyndaky hojalyklaryň birinde ýylda 360 müň hindi towugy öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022