Häzirki wagtda Türkmenistanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary tarapyndan döredilen 1,5 müňden gowrak senagat kärhanasy hereket edýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bellemegine görä, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi 18 ýylyň dowamynda 30 müňe golaý agzany özünde jemledi. Hususy pudagyň kärhanalary plastmassa we metal önümlerini, gurluşyk materiallaryny, himiýa önümlerini, halylary, elektrik enjamlaryny, öý harytlaryny, mebelleri we azyk önümlerini öndürýärler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow senagaty ösdürmegiň täze ugurlarynyň hatarynda elektron senagatyny aýratyn belledi. Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalar döredilýär. Şeýle hem elektron senagatynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilendir.
Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem çykyş edip, hususy pudagyň ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany söwda ulgamyny ösdürmek we milli önümçiligi giňeltmek meselelerine hem aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, içerki bazary ýurdumyzyň öndürijileriniň oba hojalyk, azyk we beýleki sarp ediş harytlary bilen üpjün etmek boýunça çäreler görülýär, “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly ýokary hilli önümleri öndürýän täze kärhanalary döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Aşgabatda häzirki wagtda döwrebap söwda merkeziniň gurluşygy alnyp barlyp, şu ýyl paýtagtda söwda we hyzmat öýleriniň birnäçe täze desgasy açylar. Şeýle hem meljisiň dowamynda halkara sergileriň, maslahatlaryň we işewür duşuşyklaryň söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti nygtalyp, Türkmenistanyň Serbiýada geçiriljek “EXPO-2027” sergisinde Türkmenistan milli sergisi bilen gatnaşjakdygy bellenildi.
Mejlisiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň senagat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň uzak möhletli ugurlaryny kesgitleýän 2030–2045-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň Milli strategiýasyny tassyklamak hakynda karara gol çekdi.

















