Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

BT
Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
Boş iş orunlaryň ýarmarkasy, 2023-nji ýylyň 5-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Ilatyň zähmet we iş üpjünçilik müdirligi tarapyndan guralýan boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada “Aşgabat” gazeti penşenbe güni habar berýär.

Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölümleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetiniň bileikde guramagynda geçirilýär.

Çäre sagat 09:00-dan 12:00 aralygynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda geçiriler.

Şeýle hem kärhanalar, guramalar, edaralar we hususy telekeçiler özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen bilelikde çärä wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge çagyrylýar.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlara bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, bar bolsa zähmet depderçesi we hünärini tassyklaýan resminamasy bilen çärä gatnaşmagy talap edilýär.

2022