Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda iş kesilen 1054 raýatyň Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Begenç Gündogdyýew iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşatmak we olaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna dolanmagy üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen raýatlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat etmeklerini we halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

















