Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli gutladylar

BT
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli gutladylar
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr gutlag hatlaryny ýolladylar. 

Şeýle hem Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III maşgalasy bilen birlikde, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahim, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlarynda türkmen Liderine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de durnukly ösüş arzuw edilýär.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy giňden bellenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022