Türkmenistanyň maýa goýum forumyna iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşar

BT
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşar
Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025), 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabry, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde 1–2-nji oktýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna (TIF 2026) iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleri we maýadarlar gatnaşar. Bu barada çäräniň guramaçysy “Türkmen Kongres” kompaniýasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Forumyň işine Bütindünýä bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC), Aziýa ösüş bankynyň (ADB), Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (EBRD) hem-de Maýa goýumlaryny çekmek boýunça agentlikleriň Bütindünýä assosiasiýasynyň (WAIPA) wekilleri gatnaşarlar. Çärä 45-den gowrak ýurtdan döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we işewür toparlarynyň wekilleriniň gelmegine garaşylýar.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Ermenistanyň ykdysadyýet ministri Geworg Papoýan, “Najd Gate Holding” kompaniýasynyň başlygy şazada Mansur bin Muhammed Al Saud, Katar Döwletiniň Söwda we senagaty ministrliginiň Söwdany ösdürmek we maýa goýumlaryny ilerletmek boýunça ösüş direktory Hamad Mohammed Al-Nasr, “ONU H&C Co., Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti Ýom Ki Hun, şeýle hem Eýranyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary we Eýranyň Maýa goýum, ykdysady we tehniki kömek guramasynyň ýolbaşçysy doktor Mehdi Heýdari bar.

Işewürlik maksatnamasynyň esasy ugurlaryna energetika we nebithimiýa, ýaşyl ösüşe geçiş, ulag we logistika, Hazar sebiti, sanly ykdysadyýet we emeli aň, oba hojalygy we agrosenagat toplumy, syýahatçylyk, şäher infrastrukturasyny ösdürmek hem-de suw serişdeleri boýunça maýa goýum mümkinçilikleri girýär.

TIF 2026 forumyny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi “Türkmen Kongres” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraýar. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022