Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen "Daewoo E&C" hem-de "Toyo Engineering" kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Işewürler duşuşygyň başynda wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny ýurduň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de baýramçylyk dabaralarynyň, Aşgabadyň gözel keşbiniň özlerinde uly täsir galdyrandygyny aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidnti Serdar Berdimuhamedow "Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd." kompaniýasynyň ýolbaşçysy Li Kan-Sok bilen duşuşygynda ony kompaniýanyň prezidenti wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
"Daewoo E&C" kompaniýasynyň ýolbaşcysy hem öz gezeginde koreý-türkmen gatnaşyklary barada aýdyp, Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň, onuň çäklerinde gatnaşan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitiniň möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi barada bellenildi. Türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklaryna uly goşant goşýan koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gazhimiýa senagatynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary hem aýratyn nygtaldy.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.
Duşuşykda döwlet Baştutany köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda we himiýa senagatynda taslamalary durmuşa geçirendiklerini we şunuň bilen baglylykda, “Toyo Engineering Corporation” bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň hem möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Li Kan-Sok hem-de Eiji-Hosoini Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigiklerini tassykladylar.






33318-495x4352.png)


33318-90x604.png)



