Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryna "Türkmenistanyň at gazanan atşynasy" diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewredene, Hytaý Halk Respublikasynyň 'Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd." atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine hem-de Estoniýadan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukman Kaido Puusse bu hormatly ada mynasyp boldy.
Permanda olaryň atçylygy ösdürmäge goşan goşantlary, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary, gazanan ýokary netijeleri hem-de hünär ussatlyklary göz öňünde tutulandygy bellenilýär.
Türkmenistanda atçylyk we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem ahalteke bedewleriniň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we özara bähbitli tejribe alyşmak boýunça işler alnyp barylýar.
Permana Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda gol çekildi.






33318-495x4352.png)


33318-90x604.png)



