Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy açyldy

BT
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy açyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy (Surat: Atavatan)

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 1200 orunlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dabarada çykyş edip, Gadymy Merwde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine görä, türkmen bedewleriniň taryhynyň bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdýandygyny belledi. Şeýle hem ol “Aty baryň — ganaty bar” diýen nakyly ýatlap, täze toplumyň belent maksatlara ýetmekde ganat boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýapyk maneže baryp, ol ýerde atly sport we konkur boýunça türgenleriň görkezme çykyşlaryna, şeýle hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Döwlet Baştutany türkmen bedewiniň halkyň milli baýlygy we buýsanjydygyny, onuň bütin dünýäni haýran galdyrýandygyny belledi.

Şeýle hem toplumda ahalteke bedewlerini ýylyň ähli paslynda saklamak, ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin şertler döredildi. Bu ýerde atlaryň tohumçylyk aýratynlyklaryny, saglyk ýagdaýyny we beden gurluşyny öwrenmäge niýetlenen barlaghanalar hereket edýär. Toplumda bedewleriň arassa ganlylygy saklamak we atlaryň baş sanyny artdyrmak üçin aýratyn bina hem guruldy. Dolandyryş binasyndaky sanly ulgam arkaly bolsa atlaryň saklanyşyna, iýmitlenişine, ukuda we oýa geçirýän wagtyna gözegçilik etmek mümkinçiligi döredildi.

Mundan başga-da, toplumyň sport böleginde açyk we ýapyk manežler, çapuw ýodalary, tomaşaçylar üçin münberler, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmek üçin meýdança, athanalar hem-de atlary suwda türgenleşdirmek üçin enjamlaşdyrylan desga bar. Ýapyk manež halkara ülňülere doly derejede laýyk gelýär we onda konkur boýunça çempionatlary hem geçirmek bolýar. Şeýle hem toplumda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan bezegler bilen enjamlaşdyrylan fotostudiýa hem bar.

Toplumyň çäginde atlar üçin ot-iým taýýarlamak maksady bilen alma, käşir we ýorunja ösdürilip ýetişdirilip, gyş üçin ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň hem gurluşygy tamamlandy. Şeýle hem topluma barýan ýol doly döwrebaplaşdyrylyp, täze yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň badalga bermeginde 35 sany atly ýigidiň dabaraly ýörişi geçirildi. Şeýle hem alabaýlaryň gözellik bäsleşigi, milli göreş boýunça ýaryşlar, şol sanda ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ussat çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda toý çapuwy guraldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022