Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda elektron wiza (e-Visa) we daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba alyş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri we konsullary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäre migrasiýa ulgamyna sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlandy.
“Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge rugsat berýän elektron wizany (e-Visa) resmileşdirmek we bermek ulgamy ornaşdyryldy. Elektron wizany resmileşdirmek migration.gov.tm portalynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda bolýan döwründe hasaba alynmagyny üpjün edýän “Onlaýn hasaba alyş ulgamy” işlenip taýýarlanyldy. Bu ulgam arkaly daşary ýurt raýatlary we olary kabul edýän fiziki hem-de ýuridik şahslar Gullugyň edaralaryna şahsy barmak zerurlygy bolmazdan, internet arkaly hasaba alyş amallaryny amala aşyryp bilýärler. Brifingde daşary ýurt raýatlarynyň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy, olaryň Türkmenistanda bolmak möhletiniň uzaldylmagy we hasapdan çykarylmagy bilen bagly kadalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, täze sanly hyzmatlar daşary ýurt raýatlarynyň wagtyny tygşytlamaga, resminama dolanyşygyny elektron görnüşe geçirmäge we degişli amallary gysga wagtda, ýeňilleşdirilen tertipde ýerine ýetirmäge giň mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ulgamlaryň migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň ynsanperwerlik hukugy babatdaky gazanan üstünlikleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň “Men degişli bolýaryn” (#IBelong) global maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirip, ýurdumyzda raýatsyzlygyň soňuna çykylandygy we Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Halkara migrasiýa guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygy hem-de beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenilip geçildi.
Brifingiň ahyrynda tanyşdyryş wideoşekiller görkezildi we gatnaşyjylaryň soraglary boýunça pikir alşyldy.















