Lebaply mugallym bir düýp mekgejöwenden 28 sümmül aldy

BT
Lebaply mugallym bir düýp mekgejöwenden 28 sümmül aldy
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy Eziz Halbaýew 28 sany sümmüli mekgejöweniniň gapdalynda (Surat: “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti)

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Hendekli obasynyň ýaşaýjysy Eziz Halbaýew öz howlusynda bir düýp mekgejöwenden 28 sümmül almak bilen üýtgeşik netijä eýe boldy. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň şenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Eziz Halbaýewiň bu netijesi 2019-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabynyň “Bir düýp ösümlikde iň köp sümmül” kategoriýasynda resmi taýdan hasaba alnan ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Deptford şäheriniň ýaşaýjysy Mett Djakowelliniň bir düýp mekgejöwenden alan 29 sümmüllik rekordyna ýakyn boldy.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Eziz Halbaýew orta mekdepde himiýa we ekologiýa derslerini okadýan mugallym bolup, rekord goýmak maksady bilen däl-de, kiçijik ýer böleginde hyýarlaryň baldaklaryny daýamak üçin her iki metrden dört düýp mekgejöwen ekipdir. Güýçli ýeliň netijesinde olaryň üçüsi ýykylyp, diňe biri galansoň, ol ösümlige aýratyn ideg hem etmändir we onuň köp sümmül berendigini soň görüpdir. Ilki 19 sümmüli sanan Halbaýewiň aýtmagyna görä, soň olaryň sany has hem artypdyr.

Mundan ozal Lebap welaýatynda hem adaty bolmadyk hasyllylyk bilen bagly ýagdaý hasaba alnypdy. 2020-nji ýylyň güýzünde Saýat etrabynyň ýaşaýjysy Hemra Babaýewiň tötänden ösdürip ýetişdiren äpet hyýarynyň agramy 20 kilogram 134 grama, uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň aýlawy bolsa 85 santimetre ýetipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС