Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan Türkmenistana geldi

BT
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan Türkmenistana geldi
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan iş sapary bilen Türkmenistana geldi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry (Surat: IRNA)

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan 8-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada "IRNA" habar berýär.

Türkmenbaşy şäherinde Eýranyň Prezidentini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

Eýranyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Pezeşkiýan iki sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen hem duşuşyklar geçirer.

Saparyň maksatnamasynda GDA ýurtlarynyň we Eýranyň gazanan üstünlikleriniň sergisine baryp görmek hem bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022