Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny Milli baýramy bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny Milli baýramy bilen gutlady
Ispaniýanyň Milli gününiň bellenilişi. Madrid, 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabry. (Surat: Ispaniýanyň Goranmak ministrligi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a ýurduň Milli baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutany öz gutlag hatynda türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Patyşa mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Filipp VI-a berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ispaniýanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Ispaniýada her ýylyň 12-nji oktýabry 1492-nji ýylda Hristofor Kolumbyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýanyň Amerika ýetmegi bilen baglanyşyklylykda Milli güni hökmünde bellenilýär.. Bu waka ispan diliniň we medeniýetiniň dünýäde giňden ýaýramagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Baýram 1918-nji ýylda Patyşa Alfonso XIII-iň döwründe döredilip, häzirki wagtda baýramçylyk mynasybetli ýurtda harby parad we Patyşanyň hem-de ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda dabaraly çäreler geçirilýär.

2022
ENG TM РУС