Ýakynda Etrek–Gumdag ýolunyň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär

BT
Ýakynda Etrek–Gumdag ýolunyň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň we Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabry (Surat: Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministrligi)

Eýran ýakyn bir-iki aýyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde Etrek–Gumdag ýolunyň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Türkmenistana iki günlük saparynyň netijeleri boýunça aýdan sözlerine salgylanyp, IRNA habarlar agentligi habar berýär.

Ministriň aýtmagyna görä, ýol taslamasy öňki ikitaraplaýyn saparlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklary we olaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde türkmen wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ministr gurluşyk işleriniň eýran kompaniýasy tarapyndan amala aşyryljakdygyny belläp, bu taslamanyň ýük awtoulag sürüjileriniň gatnawyny ýeňilleşdirmäge we iki ýurduň arasyndaky ýol arabaglanyşygyny gowulandyrmaga ýardam edip biljekdigini aýtdy.

Sadeg Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatdaşlygynda, aýratyn-da, serhet terminallarynda oňyn öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi. Türkmenistanyň Eýrana gelýän ýükleriň daşalmagyndaky ornuny nazara almak bilen, ministr bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geldi. Ministr saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işer ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen hem duşuşyklary geçirdi.

2022
ENG TM РУС