Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara hyzmatdaşlygy we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesinde dialogy ösdürmegi teklip etdi. Döwlet Baştutany bu başlangyjy 15-nji oktýabrda Bakuwda geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlygy we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitinde öňe sürdi. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, şeýle format gatnaşyjy ýurtlar üçin milli tejribelerini alyşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga we ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine gönükdirilen amaly teklipleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady özara baglanyşygy pugtalandyrmagyň, özara bähbitli söwdany giňeltmegiň we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmegiň howpsuz hem-de durnukly ösüşiň möhüm şertleridigini nygtady. Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, dünýä ykdysadyýetiniň üýtgeýän şertlerinde ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal gatnawlary ösdürmek, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyna päsgel berýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026–2035-nji ýyllary Durnukly ulag boýunça onýyllyk diýip yglan etmek hakynda rezolýusiýany kabul edendigini ýatlatdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, Türkmenistan bu resminamanyň dowamy hökmünde halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygy boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Olaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak we Merkezi hem-de Günorta Aziýa ýurtlarynyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän kontinentara ulag ugurlaryny döretmek bar.
Şeýle hem Döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy, logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegi goldady.

















