Türkmenistanyň Prezidenti COP17 sammitine gatnaşmak üçin Ermenistana bardy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti COP17 sammitine gatnaşmak üçin Ermenistana bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Zwartnots” halkara howa menzilinde, 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabry, Ýerewan, Ermenistan (Surat: Armenpress)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň Taraplarynyň 17-nji konferensiýasynyň (COP17) çäklerinde geçirilýän Liderleriň sammitine gatnaşmak üçin Ýerewan şäherine bardy. Bu barada Ermenistanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentini Ýerewanyň “Zwartnots” halkara howa menzilinde Ermenistanyň wise-premýeri Mger Grigoryan garşylady.

COP17 biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanýan çäre bolup, konferensiýa Biologik dürlülik hakyndaky BMG-niň konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar.

Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, COP17 konferensiýasy 2026-njy ýylyň 19–30-njy oktýabry aralygynda Ýerewan şäherinde geçiriler. COP17-niň çäklerinde Liderleriň sammiti bolsa 16-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022