Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň Taraplarynyň 17-nji konferensiýasynyň (COP17) çäklerinde geçirilýän Liderleriň sammitine gatnaşmak üçin Ýerewan şäherine bardy. Bu barada Ermenistanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentini Ýerewanyň “Zwartnots” halkara howa menzilinde Ermenistanyň wise-premýeri Mger Grigoryan garşylady.
COP17 biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanýan çäre bolup, konferensiýa Biologik dürlülik hakyndaky BMG-niň konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar.
Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, COP17 konferensiýasy 2026-njy ýylyň 19–30-njy oktýabry aralygynda Ýerewan şäherinde geçiriler. COP17-niň çäklerinde Liderleriň sammiti bolsa 16-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirildi.

















