Türkmenistanda “Ymamnazar” gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär

BT
Türkmenistanda “Ymamnazar” gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär
Gümrük nokadyndaky ýük awtoulaglary (Surat: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy)

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi “Ymamnazar” gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan etdi. Degişli bildiriş anna güni “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Bäsleşik gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işlerini ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplardan ýüztutmalar we teklipler 2026-njy ýylyň 24-nji noýabryna çenli bellenen tertipde kabul edilýär.

Ýüztutmalary we teklipleri hasaba almak Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022