Aşgabatda 20-nji oktýabr – 30-njy noýabr aralygynda geçiriljek “Ene — tebigat” atly halkara sergisi dabaraly ýagdaýda açylyp, öz işine başlady. Sergi Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda geçirilýär. Bu barada çärä gatnaşan “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň habarçysy habar berýär.
Çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Aşgabada geldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň bilelikde gurnamagynda geçirlýän halkara sergide tebigat temasy bilen baglanyşykly özboluşly sungat eserleri görkezilýär.
Sergi ilkinji gezek 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Bakuwda geçirilen COP29 maslahatynyň çäklerinde Geýdar Aliýew adyndaky merkezde guraldy. Şondan soň taslama Bahreýnde, Beýik Britaniýada, Şweýsariýada we Ispaniýada görkezildi.

















