Aşgabatda saglyk, bilim we sport sergisinde halkara bilim mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda saglyk, bilim we sport sergisinde halkara bilim mümkinçilikleri tanyşdyryldy
"Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport" atly halkara sergisi, 2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabry (Surat: "Altyn asyr" eketron gazeti)

2026-njy ýylyň 10–12-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisinde daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri bilim maksatnamalaryny we daşary ýurtda okamak mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada çäräniň bilelikdäki guramaçysy "TurkmenExpo" kompaniýasy habar berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçirilen "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport" atly halkara sergi we ylmy maslahat dürli ýurtlaryň degişli ugurlarda işleýän guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Sergä Russiýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Gruziýanyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň bilim edaralary gatnaşdy. Olar hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary, okuw maksatnamalary hem-de daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.

Çäräniň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar, bilermenleriň pikir alyşmalary, döwrebap tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşlary we ussatlyk sapaklary geçirildi. Bu çäreler tejribe alyşmaga we täze hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döretdi.

Halkara sergi saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança boldy.

2022
ENG TM РУС