Owganystan Hyratda bilelikdäki türkmen-owgan hassahanasyny gurmagy teklip etdi

BT
Owganystan Hyratda bilelikdäki türkmen-owgan hassahanasyny gurmagy teklip etdi
Owganystanyň Hyrat şäheri. 2009-njy ýylda düşürilen surat. (Surat: ABŞ-nyň Döwlet departamenti / Wikimedia Commons)

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly B. Ýolowyň 20-nji oktýabrda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşygynda, owgan tarapy Hyrat welaýatynda bilelikdäki türkmen-owgan hassahanasyny gurmak boýunça teklibini öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy habar berýär

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.

Nur Ahmad Islamjar owgan işewürleriniň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ilerledilmeginiň Owganystanyň ykdysady ösüşi üçin ähmiýeti nygtaldy. Owgan tarapy, mundan başga-da, Türkmenistanyň elektrik energiýasyny Farah welaýatyna çenli ýetirmek mümkinçiligini öwrenýändigini habar berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022