Türkmenistanyň Prezidentine Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklaryň hormatly doktory derejesi berildi

BT
Türkmenistanyň Prezidentine Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklaryň hormatly doktory derejesi berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ankarada Hajettepe uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktorlyk derejesini bermek dabarasy, 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabry. (Surat: Jewdet Ýylmazyň X sahypasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa 30-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna saparynyň dowamynda Ankara şäheriniň Hajettepe uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary ugry boýunça hormatly doktorlyk derejesi berildi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň resmi X sahypasynda habar berilýär.

Dabara Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Hajettepe uniwersitetiniň ýolbaşçylary, akademiki jemgyýetçiligiň wekilleri we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, şeýle hem ylym, bilim, tehnologiýa we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

Jewdet Ýylmaz öz çykyşynda türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň umumy taryhy, dil we medeniýet bilen bir hatarda, ylmy we akademiki gatnaşyklary hem öz içine almalydygyny nygtady. Şeýle hem ol uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, bilelikdäki ylmy barlaglary ösdürmegiň we ýokary bilim ulgamyndaky gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022