Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde 30-njy oktýabrda “Çalık Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Ahmet Çalyk Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp, türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerinde döredilýän şertler üçin ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny bildirip, “Çalık Holding” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny jogapkärçilikli ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-türk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlar boýunça ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň hyzmatdaş ýurtlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ahmet Çalyga işinde üstünlikleri arzuw etdi.















